Igor Moiseýew adyndaky tans toparynyň çykyşy bilen Russiýanyň medeniýet günlerini açyldy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli geçirilýän bu döredijilik çäresi ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň täze ösüşe badalga alan strategiki hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Soňky döwürlerde türkmen-russiýa ynsanperwer gatnaşyklary has çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Bilim ulgamynda özara gatnaşyklar giňeldildi, ylmy we medeni alyşmalar işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdi.

Mundan bir aýa golaý wagt ozal Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Aşgabadyň ilkinji hormatly raýaty boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysyna degişli şahadatnamany gowşuryp, Walentina Matwiýenkonyň bu hormatly derejä Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky, syýasy, ykdysady we medeni--ynsanperwer hyzmatdaşlygy, parlamentara gatnaşyklary giňeltmekdäki hyzmatlary, iki halkyň dostlugyny hem-de jebisligini berkitmek işine goşan şahsy goşandy üçin mynasyp bolandygyny belledi.

Her ýyl alymlar we medeniýet işgärleri Türkmenistanda hem-de Russiýada geçirilýän halkara ylmy maslahatlara we festiwallara gatnaşýar, möhüm taslamalaryň üstünde bilelikde işleýär.Goňurdepede bürünç eýýamynyň ýadygärliginiň gazuw-agtaryş işlerinde üsti açylan kiçijik ajaýyp gurluşlaryň täzeden dikeldilmegi we üýtgewsiz saklanylmagy Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet ylmy-barlag dikeldiş institutyndan çagyrylan russiýaly kärdeşleriniň ýardam bermeginde türkmen hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylan işleriň biridir.

Aşgabatda “Mosfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen filmleriň görkezilmegi däbe öwrüldi. Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşynda sport ulgamyndaky gatnaşyklar işjeňleşdi. Ýurdumyzda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň barşynda döredilen ösen sport düzümlerini we iri ýaryşlary guramagyň tejribesini nazara alanyňda, bu aýratyn möhüm we geljegi uly ugurdyr.

Biziň ýurtlarymyzda nobatma-nobat geçirilýän Medeniýet günleri meşhur döredijilik çärelerine öwrüldi. Şu ýylyň awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa hem-de Wladimir şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen medeniýetiniň aýratynlygyny we özboluşlylygyny görkezen ildeşlerimiz myhmansöýerlik bilen garşylanyldy.

Iki ýurduň ministrlikleriniň 2015-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky maksatnamalaryna laýyklykda guralan häzirki çäre iki beýik medeniýetiň we halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň ýolunda möhüm ädimleriň biridir.

Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň tomaşaçylardan doly zaly bu waka Türkmenistanda bildirilýän uly gyzyklanma şaýatlyk edýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, paýtagtymyzyň ýaşlary, doganlyk halkyň sungatynyň köpsanly muşdaklary gelipdir.

Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Wladimir Medinski çärä gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip bu medeni çäräniň türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretjekdigine we halklarymyzyň arasyndaky taryhy taýdan ýakyn , dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra sahnada köp öwüşginli şüweleň başlanýar.Igor Moiseýew adyndaky dünýäde belli, dürli halklaryň tans folklor sungatyny çeperçilik taýdan gaýtadan işlemek we wagyz etmek bilen meşgullanýan dünýäde ilkinji ussatlyk derejeli horeografiýa toparyna—Döwlet akademiki halk tans toparyna Russiýa wekilçilik etmek hukugy berildi. Şu ýyl 80 ýyllygyny bellän bu topar Russiýanyň özboluşly keşbidir, onuň tans arkaly beýan edilýän kalbydyr.

Bu topar daşary ýurtlardaky ilkinji çykyşlaryndan başlap, Russiýanyň parahatçylyk ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär.

Aşgabatdaky çykyşlaryň maksatnamasy “Öýümizde myhmançylykda” diýlip atlandyrylýar, bu bolsa dünýäniň dürli halklarynyň tanslaryndan düzülen köp öwüşginli çykyşlary beýan edýär. Şonuň bilen birlikde artistleriň aýtmaklaryna görä, maksatnamanyň şeýle atlandyrylmagy halklarymyzyň taryhy we medeni umumylygyny alamatlandyrýar hem-de doganlyk duýgularynyň çuňňurlygyny aňladýar.

Çykyş aýdym-saz toparynyň şöhratly taryhy, onuň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Igor Aleksandrowiç Moiseýew barada gürrüň berýän wideofilmiň görkezilmegi bilen başlandy. Ajaýyp horeograf hem-de öz döwrüniň ajaýyp tansçylarynyň biri bu topary 1937-nji ýylda döretdi hem-de oňa ençeme onýyllyklaryň dowamynda, uzak hem-de wakalara baý ömrüniň ahyryna çenli ýolbaşçylyk etdi. Onuň ady üç gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Moiseýewiň toparynyň çykyşlary dünýäniň dürli halkyýetlerine bagyşlanylan eserleri özünde jemleýär. Artistler rus tanslaryndan başga-da, başgyrt, burýat, wýetnam, argentin, nanaý, koreý, ispan, nemes hem-de beýleki tanslary ajaýyp ýerine ýetirýärler. Olaryň ählisi hem Igor Moiseýew tarapyndan goýuldy. Öz tans mekdebiniň hem-de özboluşly horeografiýa usulynyň döredilmegi oňa degişlidir.

Zalda çyralar sönýär hem-de sahnada spektaklyň hereketi başlanýar. Çykyşlaryň ondan gowragyndan düzülen konsertiň maksatnamasyny hut şeýle atlandyryp bolar.

Topar çykyşyny örän meşhur bolan “Tomus” tansy bilen başlaýar.Bu tans rus baýramçylyk sungatynyň mylaýym heňlerden we mähirlilikden başlap, joşgunly hyjuwa çenli häsiýetli milli aýratynlyklaryny beýan edýär.Ekranda görkezilýän ajaýyp rus tebigatynyň üsti “berýozka” tansçy gyzlaryň depginli hereketleri bilen ýetirilýär.

Owadan egin-eşikler, hem-de tansa siňdirilen yhlas hemişe tomaşaçylaryň duýgulara baý seslenmesini döredýär.Tomaşaçylar artistlere şowhunly el çarpyşmalary bagyşladylar.

Dünýä boýunça horeografiýa syýahatçylygy dowam edýär.Artistler ajaýyp tans çykyşlarynda dürli halklaryň häsiýetli däp-dessurlaryny ussatlarça, uly söýgi we mähir bilen beýan edýärler.Olar tomaşaçylary bir görseň galmyk düzlüklerine, bir görseň moldowanlaryň şowhunly baýramçylygyna, bir görseň Meksika äkidýär, özbek palawyndan “datmaga” ýa-da grekleriň “sirtakisine” ýa-da argentin çopanlarynyň “Gauço” tansyna goşulmaga çagyrýar...

Demirgazyk Ispaniýanyň depginli hereketleri ele alýan jöwzaly “Aragon hotasy” jübütleriň kastanýetalary tarapyndan güýçli ýaňlanýar.

Toparyň düzüminde çylşyrymly horeografiýa wezipelerini ýokary ýerine ýetirijilik derejesinde amala aşyrmaga ukyply ýokary hünär derejeli köptaraply tansçylar bar. “Moiseýewçileriň” ajaýyp ýerine ýetirmeginde görkezilen türkmen tansy şu günki agşamyň garaşylmadyk sowgady hökmünde munuň ajaýyp subutnamasy boldy.

Bu tans tomaşaçylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.Türkmen egin-eşiklerini geýen artistler özgelere öwrülmekde öz başarnygyny hem-de keşbe girmekde we milli häsiýetde tans sungatyna erk edip bilişlerini görkezdiler.

Aşgabada gelmegi bilen toparyň çykyşlarynyň üsti türkmen tansy bilen ýetirildi, mundan beýläk ol şöhrat gazanan toparyň uly horeografiýa toplumlarynyň hatarynda öz hormatly ornuny eýelär.

Çykyşlarynyň ahyrynda “Gämidäki gün” diýen flotçularyň tansy, deňizçileriň “Almajyk” diýen baky öçmejek tansy ýerine ýetirildi.

Tomaşaçylar zehinli myhmanlary şowhunly el çarpyşmalar hem-de güýz güllerinden boglan çemenler bilen sylagladylar. Hoşallyk bildirmäge toparyň agzalary bilen birlikde, onuň häzirki ýolbaşçysy—I.Moiseýew adyndaky döwlet akademiki halk tans toparynyň direktory, Russiýanyň halk artisti Ýelena Şerbakowa çykdy. Ol mähirli kabul edendikleri we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda “Demirgazyk Russiýanyň tebigaty” diýen fotosergi açyldy. Onuň düzümine ozal “Demirgazyklylaryň gözi bilen” atly halkara fotosungat festiwalynda Russiýadan, Latwiýadan, Estoniýadan, Finlýandiýadan we Norwegiýadan bolan ýokary derejeli ussatlar hem-de fotosöýüjiler tarapyndan görkezilen iň ajaýyp işleriň onlarçasy goşuldy. Bu fotosergi ozal Filippinlerde, Kambojada we Laosda görkezildi.

Fotosuratlarda ak deňziň giňişlikleriniň belent gözelligi ilkibaşky demirgazyk görnüşleri, tebigy derýalar we köller, agaçdan binagärligiň täsin ýadygärlikleri, demirgazykda mesgen tutan haýwanat dünýäsiniň wekilleri görkezilýär.

Fotosuratkeşleriň işleri üýtgeşik kompozision we reňk çözgütleri, tebigatyň inçe duýgulary bilen tapawutlanýar.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň baý medeni mirasy hem-de medeniýet we sungat ulgamyndaky gazananlary barada gürrüň berýän sergiler ýaýbaňlandyryldy.Türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň ähmiýetli düzüm bölegi bolan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň nusgalaryny Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi görkezdiler.

Sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň işleri bar. Şeýle hem bu ýerde görkezilýän neşirýat önümlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeni mirasa bagyşlanylan işlerine aýratyn orun berilýär.

Ertir medeni çäräniň çäklerinde “Aşgabat” kinomerkezinde Russiýanyň häzirki zaman çeper filmleriniň görkezilişi bolar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda Aşgabadyň horeografiýa mekdebiniň okuwçylary hem-de tans toparlary üçin Igor Moiseýewiň toparynyň artistleriniň ussatlyk sapaklary geçiriler. Agşam bolsa Mukamlar köşgüniň sahnasynda ajaýyp rus tansçylary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna ýene-de öz sungatyny sowgat ederler.

Russiýadan bolan myhmanlar üçin taýýarlanan medeni maksatnama Aşgabadyň gözel ýerleri hem-de muzeýleriniň täsin gymmatlyklary, “Köne Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasy bilen tanyşlyk girýär.

Ýene degişli makalalar

02.10.2017 | Aşgabatda Russiýanyň Türkmenistandaky medeniýet günleri açyldy
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr, Belawiýa awiakompaniýasynyň ulgamynyň täzelenmegi Türkmenistanda petekleriň satylmagyna täsir etmez, Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly sergisiniň hormatly myhm
09.11.2017 | 2017-nji ýylyň oktýabry: daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebi türkmen nakgaşçylygynyň täze sahypasy
Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
31.01.2018 | Ýyl ýazgysy 2017-nji ýyl: Medeniýet ulgamy