Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebiti Türkmenistan bilen yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmak isleýär. Bu barada Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkin özüniň resmi Telegram sahypasynda mälim etdi.
Gubernatoryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygy hakynda gürrüň berilýän habarda bu yzygiderli gämi gatnawynyň Astrahana ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga we oba hojalyk önümleriniň eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.
Onuň aýtmagyna görä, Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Demirgazyk—Günorta halkara ulag geçelgesiniň ösüşi üçin örän möhümdir.
Mundan başga-da, duşuşykda Astrahan bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda howa gatnawlaryny açmak we rus syýahatçylarynyň Awaza milli syýahatçylyk zolagyna baryp bilmegi üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek meselesi hem gozgaldy.
Astrahan sebitiniň gubernatory ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine üns berendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdi.