Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Astrahan (Russiýa Federasiýasy) bilen Türkmenbaşynyň (Türkmenistan) arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi.
Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli meselä Igor Babuşkiniň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygy mahalynda seredildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky göni howa gatnawlaryny iki sany kompaniýa amala aşyrýar. Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa we Kazana yzygiderli amala aşyrýan bolsa, Russiýanyň S7 Airlines kompaniýasy Moskwa — Aşgabat — Moskwa ugry boýunça hepdede iki gezek uçuşy amala aşyrýar.