IDEA+ agentligi: Belarusuň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistandan dalaşgärleri kabul etmegini dowam edýär

IDEA+ agentligi: Belarusuň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistandan dalaşgärleri kabul etmegini dowam edýär

Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili bolan IDEA+ agentligi türkmenistanly dalaşgärler üçin Belarusuň 5 öňdebaryjy uniwersitetine kabul edişligiň ýokary depginde dowam edýändigini habar berýär.

Geljekki talyplar okuwa girmek üçin şu ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp bilerler:

Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BGUIR) — Belarusuň we GDA-nyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden biridir.Bu ýerde talyplara tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ösen bilim maksatnamalary we okuwlar elteýerlidir.Uniwersitet elektronika we aragatnaşyk ulgamlary boýunça nusgawy ugurlary, şeýle hem emeli aň, kiberhowpsuzlyk, oýun işläp düzmek ýaly IT pudagyna degişli isleg bildirilýän hünärleri hödürleýär.

BGUIR-iň diplomlary uçurymlar üçin IT pudagynda üstünlik gazanmagyň gapylary açmak bilen, bütin dünýäde iş berijiler tarapyndan ýokary derejede baha berilýär.

Belarus Milli tehniki uniwersiteti (BNTU) — ýurduň baýry tehniki uniwersiteti bolup, maşyngurluşyk we inženerçilik pudagynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebidir.Bu Belarusda ýeke-täk milli uniwersitet bolmak bilen, BNTU bilim, ylym we innowasiýa telekeçiliginiň sinergiýasyna esaslanýan bilim işini amala aşyrýar.

Uniwersitet QS World University Rankings reýtingine laýyklykda, dünýäniň iň gowy 500 ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girýär we bir asyrdan gowrak wagt bäri dürli tehniki ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlap gelýär.

BNTU-nyň ösen infrastrukturasy öz önümçilik goruny, uly sport toplumyny, 30-dan gowrak gözleg tejribehanalaryny we startap üçin häzirki zaman platformasyny öz içine alýar. Uniwersitetiň uçurymlary Belarusuň we beýleki ýurtlaryň şäher landşaftlaryny bezeýän ýaşaýyş ýerleriniň, köprüleriň, ýollaryň we awtoulaglaryň dizaýnyna hem-de gurluşygyna işjeň ýardam edip, uly göwrümli taslamalara gatnaşýarlar.

Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrGU) — bilime nusgawy we häzirki zaman çemeleşmeleriň sintezi.Uniwersitet filologiýa we pedagogika ýaly adaty ynsanperwer ugurlary hem-de häzirki wagtda zerur bolan dizaýn we logistika ýaly ugurlary öz içine alýan 150-den gowrak okuw meýilnamasyny hödürleýär. Ösen halkara hyzmatdaşlygy ulgamy Grodno döwlet uniwersitetiniň talyplaryna alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmaga, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmaga mümkinçilik berýär.

Belarusuň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BGMU) — takmynan bir asyrlap dowam eden taryhynda dünýäde üstünlikli işleýän 50 000-den gowrak lukmany we diş lukmanyny uçurym eden lukmançylyk biliminiň öňdebaryjy bilim edarasy hasap edilýär.

Uniwersitetiň häzirki zaman desgalary, şol sanda iň täze enjamlary bolan tejribehanalary we klinikalar talyplara iň ýokary derejede amaly endikleri almaga mümkinçilik berýär. Geljekki lukmanlar ylmy gözleglere gatnaşyp, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynda tejribelik geçip bilerler. Munuň netijesinde bolsa olar halkara zähmet bazarynda talap edilýän bahasyna ýetip bolmajak tejribelere we başarnyklara eýe bolýarlar.

A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa instituty — GDA-nyň daşky gurşaw bilimi boýunça merkezi bilim ojaklarynyň biri, özboluşly ugurlarda bakalawr we aspiranturanyň giň toplumyny hödürleýän sebitiň öňdebaryjy daşky gurşaw merkezidir.

Energiýanyň täzelenýän çeşmeleri we daşky gurşawy dolandyrmak — institut häzirki zaman ugurlarynda giň geljegi uly ugurlary açýar we kompaniýalarda hem halkara guramalarynda tejribelik geçmäge şert döredýär.

Uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlary bolan şäherçesiniň akademiki binalardan uzak bolmadyk aralykda ýerleşmegi talyplar üçin iň ýokary rahatlygy üpjün edýär.

IDEA+ agentligi Türkmenistandan okuwa girmek isleýän dalaşgärlere uniwersitet we hünär saýlamak, resminamalary toplamak we resmileşdirmek, şeýle hem girişiň ähli basgançaklarynda goldaw bermek babatda ýokary derejeli kömegini ýetirmäge taýýardyr.

Has anyk maglumatlar bilen gyzyklanmak üçin IDEA+ agentligi bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85.

Maslahat beriş hyzmatyna ýazylmak üçin şu salgylanmany dolduryň.

Iň ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogaby bolsa çat-botlardan peýdalanmak bilen alyp bolýar.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB: Daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz, bitum satyn aldylar
Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi
Halkara zenanlar güni mynasybetli Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy“ atly çagalaryň surat eserleriniň bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA...
Bahreýn 10 Ýyl Soň Siriýa Ilçi Belledi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy