Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Mejlisiň Meýilnama we býujet komissiýasynda beren beýannamasynda, obalyk ýerlerde we şäherlerde terrora garşy göreşiň tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýändigini mälim etdi.
Ali Ýerlikaýa: "Şu ýylyň ilkinji 10 aýynda obalyk ýerlerde we şäherlerde geçiren 40 müň 521 operasiýada 722 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi.
Ali Ýerlikaýa 1-nji ýanwar - 1-nji noýabr aralygynda FETÖ garşy 4177 operasiýanyň geçirilendigini we 935 adamyň tussag edilendigini, terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen 1205 operasiýada hem 655 adamyň tussag edilendigini aýan etdi.