
Lebap welaýatynyň içeri işler edaralaryndaky çeşmeler sebitde öz janyna kast edýän raýatlaryň sanynyň artýandygyny aýdýarlar.
Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz 1 million 400 müň çemesi ilatly welaýatda soňky birnäçe hepdäniň dowamynda onlarça adamyň öz-özüni heläkländigi barada maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýdýar.
“Olaryň agramly bölegi ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizilen raýatlar” diýip, polisiýa edarasyndaky çeşmämiz aýdýar.
Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda giň ýaýran işsizligiň arasynda soňky bir hepdäniň dowamynda şeýle pajygaly hadysalar barada ikinji gezek habar gelip gowuşýar.
Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda ýerli ýaşaýjylara, sadakalara gatnaşýan işan-mollalara salgylanyp, bu welaýatda hem öz janyna kast edýän adamlaryň sanynyň artýandygyny habar berdiler.
“Lebap welaýatynda öz-özüni heläklän adamlaryň aglabasy maşgalasyny eklemek maksady bilen, daşary ýurtlara gazanç etmäge gitjek bolup, gidip bilmedik erkek adamlar” diýip, polisiýa edarasyndaky çeşme aýdýar.
“Kä halatlarda olaryň aýallary çagalaryny alyp, maşgalalaryny terk edýär, şol sebäpden kimler uksus içip, kimler bolsa, öz-özüni asyp öldürýär” diýip, çeşme aýdýar.
Türkmenistanda şeýle problemalar döwlet we jemgyýet tarapyndan ykrar edilip, bu ugurda ýörite öňüni alyş çäreleri geçirilmeýär, hünärmenler şeýle pikirlere duçar bolan adamlara zerur bolan ruhy goldawyň öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar.
Şäher polisiýasyndaky çeşmämiz öz-özüni heläklän adamlaryň durmuş tejribelerine salgylanyp, olardaky umumylygyň durmuş-ykdysady kynçylyklar bolandygyny aýdýar.
Koreý milletinden bolan bir türkmenabatly erkek adam, wulkanizasiýa işçisi, gazanç etmek üçin Russiýa Federasiýasyna gitmekçi bolanda, häkimiýetler onuň ýurtdan çykmagyna rugsat bermändir. Ykdysady kynçylyklaryň arasynda, şol gabatlar onuň aýaly hem üç çagasy bilen adamsyny terk edipdir.
“Ol 3-nji fewralda uksus içip, öz-özüni öldüripdir” diýip, çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy merhumyň şahsyýetini aýan etmekden, onuň at-familiýasyny agzamakdan saklanýar.
Redaksiýamyza şuňa meňzeş hadysalar barada Köýtendag, Dänew we Saýat etraplaryndan hem gelip gowşan birmeňzeş maglumatlar bar.
Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz şeýle maglumatlaryň garaşsyz habar serişdelerine syzyp çykmazlygyny gazanmak üçin, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda gürrüňdeşlik işleriniň geçirilýändigini aýdýar.
“Bu maglumaty merkeze ýetirmekden gorkýarlar. Hiç kime goşmaça problema gerek däl” diýip, çeşme aýdýar.
Ol bu mesele dogrusynda hukuk goraýjylaryň arasynda dowam edýän dymyşlygy özüniň goldamaýandygyny aýdýar.
“Hiç bolmanda adamlar bilen gürrüňdeşlikleri geçirip, halky rahatlatmaly. Media serişdelerinde hem habar berilmeýär. Şeýle ölümçilik köpeldi” diýip, polisiýa edarasyndaky çeşme aýdýar.
Şäher häkimligindäki çeşmämiz bu hili hadysalar boýunça özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny, welaýat häkimliginiň hem bu ýagdaýlardan habarsyzdygyny aýdýar.
Türkmen häkimiýetleri adamlaryň öz janyna kast etmegi bilen bagly statistiki sanlary jemgyýetçilige aýan etmeýär.
Çärjew etrabynda hojalygynyň mal ýatagynda özüni asyp, öz janyna kast eden erkek adam yzynda hat galdyrypdyr.
Polisiýa edarasyndaky çeşme özüniň bu hatyň mazmuny bilen tanyş bolandygyny ondaky aýdylýan zatlaryň bu mesele boýunça ýurtda dowam edýän birmeňzeş meýillere meňzeýändigini aýdýar.
“Ol hem işlemek üçin daşary ýurtlara çykjak bolanda, çykyp bilmändir, boýnunda bir topar karz bar ekeni, karzyny üzmek üçin kiçeňräk bir söwda işi bilen meşgullanyp başlapdyr, üstesine ýerli uçastkowoý ondan paç sorap, gün bermändir.
Aýaly hem ýoldaşyna kömek etmekçi bolup gizlin ten söwdasy bilen meşgullanyp başlapdyr, adamsy bu ýagdaýy bilip öz janyna kast edipdir” diýip, polisiýa edarasyndaky çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli polisiýa bölümlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Mundan ozal, 2019-ýylda Merkezi Aziýa boýunça bu ugurda çap bolan statistiki sanlarda Türkmenistanda her ýylda ýüz müň adamdan 16 çemesi adamyň öz-özüni heläkleýändigi aýdyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.