Ibrahim Kalyn Hamasyň Liderleri Bilen Duşuşdy

Ibrahim Kalyn Hamasyň Liderleri Bilen Duşuşdy

Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, paýtagt Ankarada Hamasyň syýasy liderleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi üçin geçirilýän gepleşiklerde ýetilen soňky sepgit we ýesir çalşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we sebite has köp ynsanper kömeginiň ýetirilmegi üçin alnyp baryljak işler seljerildi.

Duşuşykda Hamasyň gepleşik etabynda oňyn tutumyna üns çekildi we Ysraýylyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlary bilen goldanandygyna we ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan täze şertleri öňe sürmeginiň etaby bökdeýändigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kalyn Bilen Burns Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kalyn Amerikan Wekiliýeti Bilen Duşuşar