IBM-iň ilkinji mikrokompýuteri

Bolgariýanyň Halk ýygnagy (parlament) soňky okalyşda ýewro pulunyň milli pul hökmünde dolanyşyga girizilmegine rugsat berýän kanun kabul etdi.Hususan-da, kanun täze walýutany dolanyşyga girizmegiň ýörelgelerini, düzgünlerini we proseduralaryny we ilata täze pula uýgunlaşmaga mümkinçilik berýän geçiş döwrüni kesgitleýär.

Bolgariýada ýewronyň dolanyşyga goýberiljek wagty heniz kanun taýdan kesgitlenilmedi.Onuň wagty Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan kesgitlenmeli diýlip, habarda bellenilýär. Ýewronyň bolgar lewi bilen birlikde dolanyşykda bolmagy ýeke-täk Ýewropa pulunyň girizilmeginden soň bir aýa çenli dowam eder.

Geçiş döwri gutarandan soň, bolgar puly dolanyşykdan doly çykarylar.Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary ýylyň dowamynda iki pul birliginde-de görkeziler.Bolgariýanyň Halk banky, kanuna laýyklykda, raýatlaryň kagyz pullaryny we şaýylyklaryny resmi nyrhda çäklendirilmedik mukdarda, wagty çäklendirmezden we hyzmat üçin töleg almazdan ýewro bilen çalyşmaga borçly edildi.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter
Paýhas damjalary