IBM 2 nanometrlik çip taýýarlady: zarýad saklanyşyny 4 esse köpeldýär

Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy IBM 2 nanometrlik çip öndürdi.Entek nusgalyk görnüşde taýýarlanan çip 7 nanometrlik çipe garanyňda 45 göterim güýçli we 75 göterim az energiýa sarp edýär. Şeýlelikde bu çipler elektron enjamlaryň batareýasynyň zarýad saklaýan wagtyny görnetin ýokarlandyrar. Şeýle hem maglumat merkezleriniň sarp edýän energiýasyny hem azaltmaga ýardam eder.

Dünýäde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 1 göterimi maglumat merkezleri tarapyndan ulanylýar. Çipiň ýokary geçirijiligi emeli aň we awtomatlaşdyrylan tehnologiýalaryň tizligini we ýerine ýetirýän amalyny artdyrar.Mundan ozal kompaniýa 7 nanometr hem-de 5 nanometr çipleri öndüripdi. 7 nanometr çip oturdylan “IBM POWER10” multiprosessorlary şu ýylyň dördünji çärýeginde satuwa çykarylar.

Ýene degişli makalalar

IBM-iň ilkinji mikrokompýuteri
Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter
Paýhas damjalary