I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I Türkmen-hytaý forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy.

Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýär. Ol döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredildi hem-de döwletimiziň intellektual hem-de ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşiniň esasy nokatlarynyň birine öwrüldi.

Ylmy-innowasiýa forumy energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda innowasiýalar, himiýa, seýsmologiýa, lukmançylyk, derman önümçiligi, biologiýa we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň we HHR-iň ylmy edaralarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň gözlenilmegini we tejribe alşylmagyny ugur edinýär.

Merkeziň maslahatlar zalynda iki ýurduň görnükli ylmy işgärleri we hünärmenleri ýygnandylar, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara hem-de ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bu forumyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky örän giň, köpugurly dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da, ylmy-tehnologik ulgamlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Biziň döwletlerimiziň baş maksady ykdysady, medeni, tebigy mümkinçiliklerini iki halkyň bähbitlerine, ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirmek bolup durýar.

Maslahatyň işiniň birinji gününiň barşynda Hytaýyň belli ylmy edaralaryndan ylymlaryň doktorlary we professorlar hem-de HHR-iň ylym we tehniki ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň, Hubeý welaýatynyň Ylym we tehnikalar departamentiniň, “Aziýa—Ýewropa” forumynyň ylmy tehnologik we innowasion hyzmatdaşlyk merkeziniň, Huaçjunyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýalar baradaky Hytaý—Ýewropa institutynyň ylmy-barlag edarasynyň ýolbaşçylary hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Olar dürli bilimler pudaklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny beýan edip, öz ylmy-barlag işleriniň netijeleri hakda aýtdylar, hyzmatdaşlyk etmek we bilelikde işlemek üçin ugurlar bilen tanyşdyrdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, innowasion tehnologiýalar döwletiň gülläp ösmegi üçin esas bolup, adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga ýardam edýär, senagaty, oba hojalygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar, geljegiň bäsleşige ukyply ykdysadyýetini döredýär.

Maslahatda edilen ylmy çykyşlar dürli ugurlary ösdürmegiň nazaryýet we amaly meselelerini gurşap aldylar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda tehnologiýalary ösdürmek maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy, şeýle hem türkmen we hytaý alymlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna garaldy.

Hususan-da, çykyşlaryň biri Hubeý welaýatynda geçirilýän innowasion tehnologik işlere bagyşlandy. Bu welaýat eýýäm köp ýyllar bäri Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär hem-de gün energetikasyny we innowasion ekerançylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyz üçin möhüm bolan mesele—gaz bilen işleýän elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak meselesi gozgaldy. Bu stansiýalar arkaly daşky gurşaw üçin zyýany az bolan elektrik energiýasyny işläp taýýarlamak mümkindir. Tebigy gaz akymyndan elektrik energiýasyny hem-de sowugy almagyň innowasion tehnologiýasy ägirt uly ykdysady peýdasy bolup, usulyň özi eýýäm türkmen alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we patentleşdirildi.

Forumyň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda şäher gurluşygynda we seýsmologiýada innowasiýa konsepsiýalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, gidromineral çig malyny we beýleki tebigy serişdeleri toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň, şol sanda dermanlyk ösümlikleri gaýtadan işlemek, ekologiýa wezipeleriniň çözgüdi, şeýle hem genetika we seçgi, weterenariýa we tohum maldarçylygyna degişli meseleler bar.

12-nji noýabrda ylmy-innowasiýa maslahatyna gatnaşyjylar bölümlerde mejlisiň işini dowam etdirerler hem-de anyk teklipler hem-de hödürlenen pikirler boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýakynda kabul edilen Maksatnamasy we döwlet Baştutanymyzyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny tiz depginlerde döwrebaplaşdyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryny hem-de bazar gatnaşyklary ornaşdyrmak nukdaý nazaryndan öňden goýan wezipeleri babatda şu forumyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiziň gol çeken “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Kanun tehnologiýa gazanylanlara hem-de sebitleýin çemeleşilmegine esaslanýan klaster ykdysadyýetiniň döredilmegi üçin uly mümkinçilikleri açýar, şunda ýörite tehniki-ornaşdyryş zolaklary, tehnoparklar we tehnopolisler göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, häzirki wagtda ylmyň we işewürligiň önümçilik bilen utgaşdyrylmagy, innowasiýa häsiýetli kärhanalaryň döredilmegi üçin amatly ýagdaý emele gelýär.

Muňa şu gezekki türkmen-hytaý forumy hem ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi
Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
3-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
13.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Medeniýet Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudyr”