I çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10,9 mlrd dollarlyk tebigy gaz satyn aldy

I çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10,9 mlrd dollarlyk tebigy gaz satyn aldy

Ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda Hytaý-Merkezi Aziýa gazgeçirijisi boýunça HHR-a 10,97 mlrd dollarlyk tebigy gaz akdyryldy diýip, PipeChina West Gas Pipeline kompaniýasy habar berýär.

Sinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, şol turbageçiriji boýunça geçen ýyl Hytaýa 44,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz akdyrylypdy.Turbageçirijiniň uzynlygy 1833 km, taslama boýunça ýylda 60 mlrd kubometr gazy geçirmäge kuwwaty bar, 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlipdi.

Turbageçiriji Türkmenistan bilen Özbegistanyň aralygyndaky serhetden başlanýar, soň Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň içinden geçip, Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Sinszýan-Uýgur etrabynda, Horgosda Günbatar-Gündogar gazgeçirijisine baryp birigýär we Hytaýyň ilkinji serhetaşyr gazgeçirijisi hasaplanýar.

Türkmenistan HHR-a turbageçiriji boýunça tebigy gazy eksport etmekde birinji orny eýelemegini dowam edýar.Ikinji ýerde Russiýa durýar, onuň yzyndan Mýanma, Gazagystan we Özbegistan gelýär.Häzirki wagta çenli HHR Türkmenistandan 300 milliard kubometrden gowrak tebigy gazy satyn aldy.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýadan Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi
Merkezi Aziýa-Hytaýa turbageçirijisi 400 mlrd kubmetr tebigy gaz daşady
Merkezi Aziýadan Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Merkezi Aziýadan Hytaýa 10 mlrd kub metrden gowrak gaz iberildi
Täze guýyny burawlap başlady
Kiçi robotlar suw ýitgisini azaldar