HZG: 200 million sany işleýän adam garyplygyň çäginde ýaşar

HZG: 200 million sany işleýän adam garyplygyň çäginde ýaşar

Şu ýyl dünýäde 200 million adam her gün 1,9 dollardan az hak gazanar, şunuň bilen baglylykda, olar iň zerur durmuş hajatlary üçin töläp bilerler. Bu barada Halkara Zähmet guramasynyň (HZG) baş direktory Žilber Hungbo Dawosda geçýän Bütindünýä ykdysady forumynda habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.

Biziň bahalarymyza görä, 2023-nji ýylda hepdede 40 sagat işleýän işgärleriň 214 million sanysy her gün 1,9 dollardan köp gazanyp bilmezler diýip, Hungbo nygtady.

Ol şeýle-de üstümizdäki ýylda dünýäde işsizleriň sanynyň 3 million köpelip, 208 million adam ýetjekdigini belledi.

Öň HZG 2023-nji ýylda ählumumy ykdysady ösüşiň peselmegi netijesinde, adamlaryň köpüsiniň has az zähmet hakly hem-de sosial goragsyz işlerde zähmet çekmäge mejbur boljakdygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

HZG: 2022-nji ýylda dünýäde ortaça aýlyk haky pese gaçdy
Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Türkmenistan-ABŞ geňeşmeleriniň indiki duşuşygy Aşgabatda geçiriler
HZG Türkmenistan boýunça synyna başlan mahaly, garaşsyz hukuk toparlary täze hasabat ýaýratdy