Hyzmatdaşlygyberkitmek barada ylalaşdylar

BRIKS ýurtlarynyň ykdysadyýet we daşary söwda ministrleri sanly ykdysadyýet, söwda pudagyna maýa goýumlary we durnukly ösüş, üpjünçilik zynjyrlary we köptaraplaýyn söwda mehanizmleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşdylar.

Bu barada Hytaýyň Söwda ministrliginde habar berildi.BRIKS ýurtlarynyň ykdysadyýet we daşary söwda ministrleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen 12-nji maslahatynyň netijesinde, bilelikdäki beýanat tassyklandy we 14-nji BRIKS sammitine taýýarlyk görmek üçin degişli ugurlar boýunça birnäçe teklipler ylalaşyldy.Duşuşyga Hytaýyň Söwda ministri Wang Wentao ýolbaşçylyk etdi.

BRIKS ýurtlarynyň ykdysadyýet we daşary söwda ministrleri, şeýle hem degişli halkara guramalarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly çärä gatnaşdylar.BRIKS topary Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlaryň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda döredildi. 2010-njy ýylda Günorta Afrika Respublikasy bu gurama goşuldy we şondan bäri täze agzalar bilen üsti doldurylmady.

BRIKS-e agza ýurtlar dünýä ilatynyň 43%-ine deň bolup, tebigy baýlyklarynyň uly gorlary Hytaý we Hindistan ýaly käbir ýurtlaryň ykdysady ösüşi üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Hytaý Ukrainanyň Territorial Bitewiligini Ykrar Edýär
15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýda iş saparynda boldular