Hyzmatdaşlygy teklip edýär

/* custom css */ .td_uid_19_60c1582cd9cc3_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c1582cd9cc3_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 ABŞ-da elektroulaglaryň önümçiligi üçin gerek bolan gymmatly magdanlary üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy maksat edinilýär.

Munuň üçin taýýarlanan meýilnamada elektroulag batareýalarynyň öndürilmegi üçin gerekli materiallary üpjün etmekde hyzmatdaşlygyň zerurdygy, daşky gurşaw we beýleki meseleler göz öňünde tutulyp, ulanyşdan galan elektroulag batareýalarynyň gaýtadan peýdalanylmalydygy mälim edildi. Ýurtda bu pudagy ösdürmek üçin halkara maýa goýumyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Munuň üçin gerek bolan maýa serişdesini ABŞ-nyň Development Finance Corporation atly ösüş banky üpjün eder. Şeýle hem meýilnamada elektroulag batareýalarynyň gaýtadan ulanylmagy üçin ediljek işler hem bellenipdir.Ilkinji nobatda, batareýalar üçin gerek bolan magdanlaryň we beýleki tehnologiýalaryň ýurduň içinde nirede öndürilip bilinjekdigini anyklamak üçin iş topary dörediler. Ýurtda elektroulaglaryň gysga wagtda ýaýbaňlandyrylmagy göz öňünde tutulýan hem bolsa çig malyň mis, litiý we beýleki üpjünçiligi baradaky meseleler bu maksada ýetmekdäki esasy päsgelçilikler hasaplanýar.

ABŞ çig malyň üpjünçiliginde daşary ýurtlara garaşlylygy azaltmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan milli brendleriň sanawynyň ilkinji ýüzlügine girdi
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
Brand Finance: Real dünýäde iň gymmat futbol brendi. Barsa ikinji
Toyota awtomobil bazarynda dünýäniň iň gymmat brendi boldy
Türkmenistan JCB-niň sebitleýin merkezini açmaga isleg bildirýär