Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy

Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy

"Hyundai" üçeginde Gün paneli bolan Ioniq 5 elektrik ulagyny tanyşdyrdy. Bu Gün batareýasy ulaga passiw zarýad berýär diýip, ferra.ru habar berdi.

Şeýle hem onda bir zarýadda 480 kilometre çenli üpjün edip bilýän batareýa bar.Elektrikli awtoulag çalt zarýad bermegi hem goldaýar - 10%-den 80%-e çenli 18 minutda zarýad berip bolýar.

Ioniq 5 "Hyundai"-iň ilkinji elektrik ulagydyr.Ondan öň kompaniýa adaty modelleriň elektrik görnüşlerini öndürýärdi.Täze ulag Gün panelli üçegi bilen hem tapawutlanýar - ony satyn alnanda saýlap bolýar.

Panel 46 aýry segmentden ybarat.Gynansagam, "Hyundai" Gün batareýasynyň näçe energiýa öndürip biljekdigini aýtmady. Žurnalistler bu paneliň 210 watt sagat energiýa öndürmäge ukyplydygyny ýazýarlar.Ioniq 5 beýleki ulaglara ýa-da enjamlara hem zarýad berip biler.

Täze ulagyň satuwy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda başlar.

Ýene degişli makalalar

100 million ulag öndürdi
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Rumyniýany Milli güni bilen gutlady
Geljek gyş paslynda hödürlenjek täze awtomobilleriň bäşligi düzüldi
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy