“Hyundai” toparynyň sürüjileriniň biri Toýotada çempion bolar

Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsüm tamamlanyp barýar.Möwsümiň 12-nji ýaryşy Merkezi Ýewropa Rallisi Çehiýanyň Praga şäherinde başlap, Germaniýanyň Passau şäherinde tamamlandy.Jemi 18 tapgyrly 302,51 kilometrden ybarat ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňiş gazandy.

Ol ýaryşy 2 sagat 37 minut 34,6 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 21-nji ýeňşini baýram etdi. Ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň britan piloty Elfin Ewans 2-nji, ýeňijiniň topardaşy, sanawyň lideri, belgiýaly sürüji Tierri Noýwill 3-nji orny eýeledi.

Şunlukda, möwsümiň iň soňky ýaryşynyň öňüsyrasynda Tierri Noýwill 225 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär we ilkinji çempionlygynyň bosagasynda dur. 2-nji ýerdäki Ott Tanakyň 200 utugy bar.

Tanak 2019-njy ýylda çempionlyk gazanypdy.Tanak Ýaponiýa Rallisinde iň ýokary utugy (30) alan ýagdaýynda-da Noýwille çempionlyk üçin 6-njy orun ýeterlik bolar. Ýaponiýa Rallisi 21-24-nji noýabr aralygynda Toýota şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
12.09.2018 | “Amul — Hazar 2018”: “Garagum ýalkymy” myhmanlary garşylaýar
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Daşogzuň ýangyç guýulýan stansiýalarynda A-95 markaly benzin tapdyrmaýar
Gara reňkli awoulaglaryň “gara günleri”
22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi