“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy

“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy

“Hyundai Engineering” kompaniýasy 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly 18-nji halkara maslahatyň we serginiň bürünç hyzmatdaşy boldy.

“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri “mawy ýangyç” ady bilen tanalýan Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine işjeň gatnaşdy. “Türkmen gaz” döwlet konserniniň, Günorta Koreýanyň we Hytaýyň nebitgaz düzümleriniň wekilleriniň bilelikdäki tagallalary bilen bu energiýa ägirdini özleşdirmegiň başlangyç tapgyry 2013-nji ýylda üstünlikli tamamlandy. Taslamanyň çäginde “Hyundai Engineering Co., Ltd” gazy kükürtden arassalaýjy zawod hem gurdy.

Mundan başga-da, kompaniýa giň tehniki mümkinçiliklere eýedir we diňe bir gaz ýataklaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem işiniň esasy ugurlaryndan biri bolan nebiti gaýtadan işlemäge hem işjeň gatnaşýar.

“LG International Corporation” bilen hyzmatdaşlygyň çäginde “Hyundai Engineering Co., Ltd.” Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) birnäçe täze tehnologiki bölümleri işe girizdi.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir görkezijisi hökmünde Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça iri gaz himiýa toplumynyň gurluşygyny görkezmek bolar.Bu taslamanyň umumy bahasy 3,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, onuň durmuşa geçirilmegine “Hyundai Engineering Co., Ltd.,” kompaniýasy, “Türkmengaz” döwlet konserni, Günorta Koreýanyň “LG International Corporation” kompaniýasy we Ýaponiýanyň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýasy gatnaşdylar.

Zawod daşky gurşawyň halkara standartlaryna laýyk gelip, oňa Britaniýanyň TXF guramasy tarapyndan 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň ekologiýa taýdan arassa on taslamanyň biri hökmünde şahadatnama berildi.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahat we sergi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda energiýa we maýa goýum mümkinçilikleriniň geljegi ýaly birnäçe möhüm mowzuklary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.

Esasan hem “ýaşyl” energetika we uglewodorody özleşdirmekde daşky gurşaw taraplara aýratyn üns berler.Mundan başga-da, tehnologiki innowasiýa we üstünlikli energiýa geçişinde adam kapitalynyň orny barada mowzuk ara alnyp maslahatlaşylar.

OGT-2023 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin şu güne çenli 70 sany daşary ýurt kompaniýalary hasaba alyndy. Şeýle hem maslahata 300-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä gatnaşmak boýunça has giňişleýin maglumatlar bilen çäräniň www.ogt-turkmenistan.com web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Hyundai Engineering Aşgabatda geçiriljek OGT 2024 nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Pakistanyň energetika ministri Türkmenistana geler
Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar