
Golliwudyň ýyldyzy Hýu Jekman Amerikan kinoakademiýasyna öz dosty we kärdeşi Raýan Reýnoldsy Oskar baýragyna hödürlemezlik baradaky haýyş bilen ýüzlendi diýip, Variety neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Ýagny Rosomahanyň keşbini janlandyrýan Jekman akademiýanyň agzalaryna degişmeli wideo bilen ýüzlendi, ol Reýnoldsy Iň oňat asyl nusgadaky aýdym ugry boýunça baýraga dalaşgär görkezmezligi haýyş etdi. Reýnolds Good Afternoon aýdymyny özüniň baş keşbi döreden Roždestwonyň ruhunda atly täze filmde ýerine ýetiripdi.
Jekmanyň sözlerine görä, ol golaý wagtda dosty Reýnolds bilen Dedpul filminiň üçünji bölüminde surata düşüp başlamaly, baýraga dalaşgär görkezilmegi bolsa oňa ýaramaz täsir edip, men-menlik duýgusyny döreder.
Eger Raýan baýraga hödürlenäýse, ömrümiň bir ýyly çekip-çydar ýaly bolmaz. Men onuň bilen arly ýylymy täze Dedpulyň surata alnyşynda geçirmeli. Ynanaýyň, bu maňa agyr düşer diýip, Hýu Jekman degişdi.