“Hytera” türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär

“Hytera” türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär

Hytaýyň ýokary derejeli telearagatnaşyk enjamlary öndürýän “Hytera” kompaniýasy türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Bu barada kompaniýanyň Gyrgyzystandaky wekili Daniýar Taşkunow 14 16-njy noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmentel-2024” halkara sergisiniň çäklerinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Hytera” eýýäm ýerli resmi hyzmatdaşy “Awtomatizasiýa tehnologiýalaryň merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Kompaniýanyň diwarlygynda ýokary derejeli radiobeketler we onuň düzüm bölekleri görkezildi.

D.Taşkunowyň sözlerine görä, görkezilen enjamlar daşarky täsirlerden ýokary goraglylyk derejesi bilen tapawutlanýar. Hususan-da, käbir görnüşler dört metre çenli suwuň aşagynda iki sagatlap goýlanda-da işläp bilýär.

Maglumatlary gizlin geçirmegiň “AES-256” standartynyň goldanylmagy görkezilen enjamyň esasy aýratynlygy bolup, ol döwlet we gorag edaralarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi.

“Türkmentel-2024” sergisiniň çäklerinde türkmen hünärmenleri hödürlenen enjamyň tehniki aýratynlyklary we mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanşyp bildiler.

Teleragatnaşyk çözgütleri babatda dünýäde öňdebaryjy işläp taýýarlaýjy “Hytera Communications Corporation Limited” kompaniýasy jemgyýetçilik howpsuzlygy, energetika, ulag we işewürlik düzümleri üçin ses, wideo we beýleki maglumatlary geçirmek üçin ygtybarly torlary hödürleýär.

Kompaniýa TETRA, DMR, PDT, LTE we РоС ölçegleri goldaýan tehnologiýalaryň ösdürilmegine hem-de aragatnaşygyň açyk standartlarynyň kämilleşdirilmegine işjeň maýa goýýar. “Hytera” 90 sany edarasynyň we Hytaýda, Germaniýada, Ispaniýada hem-de Kanadada ýerleşýän 8 halkara barlag we işläp taýýarlamalar merkezleriniň üsti bilen 120-den gowrak ýurtdaky müşderilerine hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Önümlerde işçi yhlasy bar
"Demirýollary" AGPJ halkara ýük daşalyşyny onlaýn görnüşde resmileşdirer
Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
Awtomatlaşdyrylan ulagy nähili sürmeli ?!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi