Hytaýyň Harbin şäherinde belent boýly gar adamy peýda boldy. Onuň boýy 18 metre ýetýär diýip, MIR 24 habar berýär.
Gardan ýasalan heýkeli şäheriň Saz seýilgähiniň girelgesinde oturtdylar. Ony 10 günüň dowamynda ýasadylar. Äpet gar adamy gujaklamak üçin daşynda azyndan on adam bir-biriniň elinden tutup, halka guramaly bolýar. Täsin heýkel şäheriň ýaşaýjylaryny, esasan-da, çagalary begendirdi.
Şeýle-de okaň: