Owganystanyň wagtlaýyn Hökümeti bilen Hytaýyň “Xinjiang Central Asia Petroleum and Gas Co” (CAPEIC) nebit-gaz kompaniýasy geçen penşenbe güni Kabulda ýurduň demirgazygyndaky Amyderýanyň kenarynda nebit çykarmak boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada “TOLOnews” teleýaýlymy habar berdi.
Şertnama Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň ýokary derejeli agzalarynyň we Hytaýyň Kabuldaky ilçisi Wan I gatnaşmagynda geçirilen dabarada gol çekildi.
Dabaranyň dowamynda Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delewar şertnama laýyklykda Hytaý kompaniýasynyň demirgazyk Sar-e Pul, Jawzjan we Farýab welaýatlarynda 4500 inedördül kilometr (1737 inedördül mil) meýdandan nebit çykarjakdygyny aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, gündelik nebit çykarylyşy 200 tonnadan başlap, tapgyrlaýyn ýagdaýda 1000 tonna çenli ýokarlanar. Bu sebitlerdäki nebit gorlaryň mukdary 87 million barrele barabardyr.
Çykarylan nebitiň Owganystanyň içinde gaýtadan işlenilmegine garaşylýar. Şertnamanyň çäginde CAPEIC bu taslama ilkinji ýylda maýa goýum hökmünde 150 million ABŞ dollary goýar. Geljek üç ýylda, onuň maýa goýumlary 540 million ABŞ dollaryna ýeter.
Owganystanyň hökümetine bu taslamanyň 20 göter paýy degişli bolar. Geljek ýyllarda ol eýeçiligini 75 göterimine çenli çykaryp biler. Bu taslamanyň çäginde Owganystanda azyndan 3000 iş oruny dörediler.