Hytaýyň kosmos raketasynyň galyndylarynyň Türkmenistana düşmegi ähtimal

Hytaýyň kosmos raketasynyň galyndylarynyň Türkmenistana düşmegi ähtimal

8-nji maýda Ýer togalagyna Hytaýyň “Çançžen-5B” raketasynyň galyndylary düşer. Raketanyň galyndylarynyň aglabasy howada ýanar diýip HHR DIM-i Wan Wenbin aýdýar. Bu barasynda “Interfaks” habar berýär.

“Hytaý raketa tapgyrynyň täzeden howa girişini dykgat bilen yzarlaýar.Belli boluşu ýaly, raketanyň taslamasy aýratyn tehnologiýa boýunça edilýär. Ol täzeden howa girende galyndylarynyň aglabasy ýanyp, olaryň awiýasiýa we ýerdäki desgalara zeper ýetermek ähtimallygy juda pes ” Wan Wenbin aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň kosmos serkerdeligi howa giňişliginde raketanyň esasy böleginiň ýanmazlygynyň we onuň belli bir bölekleriniň ýere düşmeginiň ähtimaldygyny öňe sürýär.

Space-Trackyň “Twitter” hasabynda hasaplamaryna görä,raketa galyndylarynyň howa giňişligine aralaşmagy 8-nji maýda UTC (bütindünýä utgaşdyryjy wagt) boýunça gije 11-de ýa-da 9-njy maýda Türkmenistanyň wagty bilen daňdan 4-de başlanar.

Olar Mary we Lebap welaýatynyň serhedine düşer.

Emma, raketa galyndylarynyň ýere düşmek mümkinçiliginiň wagtlaýyn penjiresiniň 18 sagada uzamagy mümkin.

Öz nobatynda, raketa galyndylarynyň düşjek ýeriniň hem üýtgemegi ähtimal.

Harward uniwersitetiniň Astrofizika merkeziniň alymy Jonatan Makdaueliň aýtmagyna görä, raketanyň hereketiniň tizligi sagatda 18 müň çemesi mile deňdigi sebäpli, onuň düşjek ýerini öňünden kesgitlemek mümkin däl.

Onuň pikiriçe, raketa galyndylarynyň Okeýana düşmegi juda ähtimal diýip “Kommersant” ýazýar.

Türkmen prezidentiniň ýanyndaky milli kosmos edarasynyň internet sahypasynda bular barada hiç-hili maglumat ýok.The post Hytaýyň kosmos raketasynyň galyndylarynyň Türkmenistana düşmegi ähtimal first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Jeki Çanyň täze filmi
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Türkmenistanyň kazyýetleri şaýatlary wideoaragatnaşyk arkaly sorag edip bilerler, Awazada dynç almak üçin rugsatnamany onlaýn görnüşde almak mümkinçiligi döredildi, ýakyn günlerde Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getiriler we beýleki
Ilon Maskyň Starlink hemra internetini uçarlarda synag edip ugradylar
Bristol uniwersitetiniň inženerleri robot-siňek döretdiler