Hytaýyň kinoprokaty 2022-nji ýyl üçin rekord derejede pes girdeji ýygymyny görkezdi

Hytaýyň kinoprokaty 2022-nji ýyl üçin rekord derejede pes girdeji ýygymyny görkezdi

Geçen dynç günleri Hytaýyň girdeji ýygymy 2022-nji ýyl üçin rekord derejede pes görkezijä çenli azaldy. Muňa koronawirusa garşy göreşe gönükdirilen çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi sebäp boldy diýip, Artisan Gateway kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Variety habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Artisan Gateway-yň hasabatyna görä, dynç günlerinde tutuş ýurt boýunça girdeji ýygymy 10,5 mln dollar boldy. Häzirki wagtda ýylyň başyndan bäri umumy girdeji ýygymy 2,42 mlrd dollara deň, bu bolsa 2021-nji ýyldaky görkezijiden 28% azdyr.

Hytaýyň girdeji ýygymynda birinji orunda 3 mln dollar ýygnap, “Fantastik jandarlar: Dambldoryň syrlary” filmi ýerleşdi. Ikinji orny 2,7 mln dollar deslapky görkeziji bilen “Ýere düşen adam” filmi eýeledi. Liderleriň üçlügini 1,3 mln dollar gazanan “Dynç alyşdaky nägehanlar 2: Transformaniýa” multfilmi jemledi.

Ýene degişli makalalar

Coca-Cola kärhanasy käbir önümleriniň yzyna ugradylmagyny isledi
Türkmenistanda halkara pasportyny nädip resmileşdirmeli, Aşgabatgaz gazdan peýdalanylanda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidigini ýatladýar, türkmen sürüjiler topary Ýüpek ýoly ralli-reýdinden dolandylar
Mobil oýunlarda “Subway Surfers” hemişe öňde
Suwda ýaşasa-da ýüzüp bilmeýän jandar
Aşgabatda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly baýramçylyk konserti geçirildi