Hytaýyň iň ýaş taýkonawtlar topary kosmosa ugradyldy

Hytaýyň Ýeriň aşaky orbitasynda guran “Tiangong” (Asman köşgi) kosmos bekedine täze taýkonawtlar topary ugradyldy.Hytaýyň adamly kosmos maksatnamasy agentligi (CMSA) Tan Hunbo, Tan Şenji we Sian Sinlin atly taýkonawtlary “Shenzhou-17” missiýasynyň çäklerinde “Long March 2F” raketasy bilen Gobi çölündäki kosmodromdan uçurylandygyny mälim etdi.

Raketa howa göterilenden 10 minutdan soňra kapsula ondan bölünip aýryldy.Taýkonawtlaryň şu gün kosmos bekedine baryp ýetjekdigi we 30-njy maýda ugradylan üç kosmonawt bilen ýerlerini çalyşjakdygy mälim edildi.

Taýkonawtlara mundan ozal “Shenzhou 12” missiýasyna gatnaşan, 1975-nji ýylda doglan Tan Hunbo serkerdelik edýär. Onuň ýany bilen 1988-nji ýylda doglan Sian Sinlin hem-de 1989-njy ýylda doglan Tan Şenji gitdi. Şeýlelikde Hytaý kosmosa iň ýaş taýkonawtlaryny ugratdy.

Hytaýly kosmonawtlar (hytaýlylar taýkonawt diýip atlandyrýar) Halkara kosmos bekedindäkilerden tapawutlylykda alty aý däl, bäş aýlyk missiýa bilen iberilýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Hytaýly kosmonawtlar kosmosa gitdi
Kosmos internetini ýola goýar
Hytaý Marsa dikuçar ýollamakçy
Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Kosmos pudagyny ösdürýär