ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Hytaýyň Ýaponiýanyň özünemahsu ykdysady zolagyna atylan raketalar bilen bilelikde Taýwany nyşana alýan harby türgenleşikleriň “möhüm dartgynlykdygyny” beýan etdi.
Blinken Kamboçiýanyň paýtagty Punom Pende geçirilen we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bilen Gündogar Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy.
Blinken Maslahatyň arakesmelerinde žurnalistlere beren beýanatynda; “Hytaý, Taýwan bogazyndaky we golaýdaky meçew beriji harby aksiýalaryny artdyrmak üçin ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Nensi Pelosiniň saparyna aşa reaksiýa görkezmegi hem-de ony bahana hökmünde peýdalanmagy saýlap aldy” diýdi.
Entoni Blinken “Hytaýyň geçirýän howply aksiýalaryndan” soň ABŞ-nyň Ýaponiýa bilen “güýçli arkalaşýandygy” nygtady.
Hytaý ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Nensi Pelosiniň öňňin guran saparyny sebäp görkezip, adanyn golaýynda “birnäçe harby türgenleşik” başladypdy.