Hytaýyň 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy artdy

Hytaýyň 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy artdy

Sinhua habar gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Hytaýyň daşary söwdasy depginli ösüş görkezdi. Hususan-da ýurduň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy artdy diýlip, habarda bellenilýär.

UzDaily.uz elektron neşirinde habar berilmegine görä, Hytaýyň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilen söwdasy 37,4% ýokarlandy.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý ozal Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdanyň 2022-nji ýylda 70,2 milliard dollara ýetendigini, munuň bolsa 31 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründäki söwdadan 100 esse köpdügini habar berdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda serhetüsti elektron söwdany ösdürmegiň geljegi 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek Hytaý — Merkezi Aziýa sammitinde ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
TÜRKMENISTAN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SIAN ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN SIAN ÝÜPEK ÝOLUNDA EKSPO 2024 SERGISINE GATNAŞÝAR
HytaýMerkezi Aziýa ýurtlary täze ösüş maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky Dostluk seýilgähinde nar agajyny ekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa iş saparyny tamamlady, arhiýepiskop Feofilakt Türkmenistana geler, Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammitiniň netijeleri