Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar

Hytaý Ýeriň aşaky orbitasyndaky bekedine üç sany kosmonawty iberdi. Şeýlelikde, gurluşygy dowam edýän “Tiangong” atly kosmos bekedine 4-nji adamly syýahat amala aşyryldy.Hytaýyň adamly kosmos maksatnamasy agentligi (CMSA) bortunda Feý Szýunlun, Den Sinmin we Çžan Lu atly kosmonawtlar bolan “Shenzhou-15” kosmos gämisiniň bekede birigendigini mälim etdi.

Kosmos gämisi bir gün ozal “Long March-2F Y15” atly raketa bilen uçurylypdy.Hytaý kosmonawtlary kosmos bekedinde alty aýdan bäri bolýan kärdeşleri bilen nobatyny çalşarlar.Täze baran kosmonawtlar “Tiengong” atly kosmos gämisinde 6 aý bolup, dürli ylmy işleri ýerine ýetirerler.

Olaryň öňündäki esasy wezipe iki sany laboratoriýa modulyny we enjamlarynyň bekede birikdirilmegini amala aşyrmakdan ybarat.

Kosmonawtlara 57 ýaşly Feý serkerdelik eder. Tejribeli kosmonawt 2005-nji ýylda Hytaýyň ikinji adamly kosmos missiýasyna gatnaşypdy.

Hytaýyň gurluşygyny özbaşdak alyp barýan kosmos bekedi esasy bölekden, iki laboratoriýadan ybarat bolar. Şeýle hem hytaýly hünärmenleriň işläp taýýarlan kosmos teleskopy hem bekede birigip bilýär.

Hytaýyň kosmos bekediniň ululygy häzirki wagtda ulanyşdan galan Russiýanyň “Mir” kosmos bekedine barabar. Bekediň modullary esasy beket geçen ýylyň 29-njy aprelinde, birinji laboratoriýa ( Wentian) we ikinji laboratoriýa (Mengtian) şu ýyl uçurylypdy. Şeýlelikde, esasy bölege iki laboratoriýanyň sepleşdirilmegi bilen “T” şekilli beket emele geldi. Beket üç kosmonawtyň işlemegi üçin niýetlenen bolup, olar alty aýdan çalyşyp durýarlar.

Ýene degişli makalalar

Kosmos bekediniň gurluşygy dowam edýär
Hytaý kosmos bekedine kosmonawtlaryň üçünji toparyny iberdi
Hytaýly kosmonawtlar kosmosa gitdi
Hytaý Ýünhay-1 meteorologik hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Kosmos bekedini döredýär