Nohut we gyzyl noýba psihiki saglygy dikeltmekde peýdalydyr. Olar şeýle-de depressiýadan halas edýärler. Hytaýyň Harbin lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary bu ugurda geçirilen ylmy-barlagyň esasynda şeýle netijä geldiler. Bu barada Journal of Affective Disorders (JAD) neşirine salgylanýan Mail.ru ýazýar.
Ady agzalan azyk önümleriniň düzüminde spermidin diýilýän organiki birleşme bedende öýjüklerine oňyn täsir etmek bilen, olaryň uzak ömürliligine we haraplanan düzüm böleklerini aradan aýyrmaga ýardam edýär.
Netijede, adam stressden soňra tiz özüni tutýar, depressiýa ulaşmak töwekgelligi hem azalýar diýlip, ylmy-barlag žurnalynda çap edilen makalada bellenýär.
Ady tutulan spermidin pissede, badamda, kömeleklerde, ysmanakda, brokkolide we reňkli kelemde duş gelýär. Ony şeýle-de ak çörekde, bugdaý sünbülinde, bananda, almada, awokadoda, kiwide we tüwide tapmak mümkin. Bu poliamin bilen bedeni üpjün etmek üçin sygyr, towuk, ördek we hind guşunyň etini hem-de ýumurta iýmeli, süýt içmeli diýip, alymlar nygtaýarlar.