Hytaýyň Elektron ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň dosenti Wan Dunşen we professorlar Weý Çen hem-de Çžen Ýunhao daşky gurşawyň üýtgemegine laýyklykda reňkini üýtgedýän material oýlap tapdylar. Bu barada ScienceNet.cn neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, täze döredilen material daşky gurşawa görä, reňkini dessine üýtgedip bilýär we netijede, göze görünmeýän ýaly ýagdaý döredýär.
Dosent Wan Dunşen bu işiň başyna öňden bäri göze görünmeýän adam bolmak barada arzuwynyň ruhlandyrandygyny aýdýar.
Alymlar tarapyndan teklip edilen Özbaşdak uýgunlaşýan fotohromizm (SAP) taslamasy materialyň daşky gurşawyň reňkini özbaşdak kesgitlemegine we şoňa laýyklykda hemişelik tebigat bilen sazlaşykda galmagyna mümkinçilik berýär diýlip, makalada bellenýär.