Hytaýdan Germaniýa otly gatnawy

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti Şensi welaýatynyň demirgazyk-günbataryndaky Sian şäherinden Germaniýanyň Mangeým şäherine çenli ýük otly gatnawyny ýola goýdy.Bu ýük otlusy Gara we Hazar deňzinden geçip, Ýewropa aralaşar.

Umumy agramy 316 tonnadan ybarat bolan 42 konteýner ýüklenen otly Sian şäherinden ýola çykyp, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň we Çehiýanyň üsti bilen Mangeým şäherine barar we umuman 11,3 müň kilometr geçer.

Täze ugur otly gatnawynyň ýygylygynyň az bolan ýurtlaryndan we sebitlerinden geçer. Mundan ozal Hytaýdan Ýewropa çenli Russiýanyň üsti bilen geçýän ugur açylypdy. Täze logistika kompaniýalaryna täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýardam berer.

Oguljeren RAHMANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Sianda geçirilen ykdysady foruma gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
"Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýan türkmen ýaşlary Hytaýyň Sian şäheriniň medeni, aň-bilim ojaklaryna baryp gördi
Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünligi