Hytaýyň birnäçe sebitinde şu tomus hasaba alnan adatdan daşary yssy howa 1961-nji ýyldan bäri iň dowamlysy boldy we güýçlenmegini dowam etdirýär. Bu barada HHR-iň Merkezi meteorologiýa edarasyna salgylanyp, “Hangzhou” neşiri habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.
Hytaýly sinoptikleriň maglumatlaryna görä, 15-nji awgusta çenli Hytaýda yssy howa, umumy alanyňda, 64 gün dowam etdi.Bu 1961-nji ýylyň tomsundaky temperatura ýagdaýy 62 gün dowam eden rekordy täzeledi.
Selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary temperaturany hasaba alan meteostansiýalaryň sany boýunça-da häzirki tomus rekordy täzeledi 262.Olaryň köpüsinde gözegçiligiň taryhyndaky iň ýokary görkezijiler hasaba alyndy. Öňki rekord Selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary temperaturaly 187 meteostansiýa 2013-nji ýylyň tomsunda goýuldy.
Eýýäm alty gün bäri HHR-iň Merkezi meteorologiýa edarasy adatdan daşary yssy howa sebäpli birnäçe sebitde howplulygyň iň ýokary, gyzyl derejesini girizýär. Ýanszy derýasynyň basseýniniň käbir ýerlerinde eýýäm 20 günden gowrak wagt bäri ýagyn ýok, adatdan daşary ýokary howa temperaturasy bolan günleriň sany bolsa 30-dan geçdi.
Syçuan, Hubeý, Hunan, Anhoý we Szýansi welaýatlarynda, şeýle-de Çunsin şäherinde yssy howa oba hojalygyna zyýan ýetirdi, 830 müň töweregi adam agyz suwy bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýär.