Hytaýda täze ýokary tizlikli demir ýol işe girizildi

Hytaý soňky ýyllarda ýokary tizlikli demir ýol ulgamynyň müňlerçe kilometrini gurup, ulanmaga berdi. Ýurt demir ýollaryň gurluşygynda, ýokary tehnologiýaly demir ýol ulaglarynyň işlenip taýýarlanmagynda we önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Ýurtda ýene bir şäherara demir ýoly gurlup, ulanmaga berildi.

Taýwan bogazynyň günbatar kenarynda açylan ýoluň uzynlygy 270 kilometre ýetýär. Ýoluň 20 kilometre barabar bölegi deňiz aýlagyndaky köprüleriň üstünden geçýär.Fuçžou-Sýamen-Çžanžou aralygynda gurlan ýoldan gatnaýan otlular sagatda 350 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Şeýlelikde, mundan ozal otly bilen dört sagatdan gowrak wagtda geçilýän aralyk indi bary-ýogy 55 minutda geçiler.

Bilermenler täze demir ýol şahasynyň merkezi şäheri Fuçžou bolan Fuszýan welaýatynyň ykdysadyýetine we syýahatçylyk pudagyna oňyn täsiriniň boljakdygyny belleýärler.

Nazar Myradow, Türkmen döwlet energetika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Sýamende 19-njy kitap ýarmarkasy açyldy
Taýwan Adasynyň Etrabynda Hytaýa Degişli Harby Howa Ulaglary Uçýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny