Hytaýda täze awtoulaglaryň duralgasy tapyldy

Hytaýda täze awtoulaglaryň duralgasy tapyldy

Hytaýda Weibo sosial ulgamynyň ulanyjylary Ora iQ kysymly hereketsiz awtoulaglaryň köp sanlysynyň duralgasyny wideo düşürip ulgamda ýerleşdirdiler. Olar karşering, ýagny gysga möhletleýin kärende üçin niýetlenen ulaglar bolup durýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ole Sharing karşering hyzmaty HHR-da 2018-nji ýylda Ora elektrik awtoulaglarynyň önümçiligi bilen bir wagtda işe goýberildi, şol wagt Great Wall Motors awtoulag önümçilikçisi bu taslama 1 milliard ýuan möçberde maliýe serişdesini goýberdi diýlip, habarda bellenýär.

Emma 2021-nji ýylda Ole Sharing karşering merkeziniň ýapylandygy belli boldy. Muňa Hytaýda elektrik ulaglaryna ýeňillikli karzlaryň çäklendirilmegi sebäp boldy, netijede hem karşeringde işleýän ulaglar satylman, zibilhana ugradyldy, olar şondan bäri hem ol ýerde çaň basyp ýatyr diýlip, habarda nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy
BMW elektriki Mini-leriň önümçiligini Beýik Britaniýadan Hytaýa geçirer
Muhammed Ali barada serial surata düşüriler
XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň we syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda Gökdepe söweşi
Halkara awtoulag sergisi