Hytaýyň Ninsýa-Hueý awtonom zolagynyň merkezindäki restoranlaryň birinde tebigy gaz sebäpli bolan partlamada 31 adam ýogaldy.
Inçuan şäherindäki restoranda düýn agşam partlama boldy.
Wakada 31 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.
Hytaýyň resmileri 3 gün dowam etjek "Dragon Boat" festiwalyndan ozal bolan partlamanyň aşhanada gazyň syzmagy netijesinde bolandygyny habar berdiler.
Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin jogapkärleriň kanunyň öňünde hasap bermekleri üçin tagalla edilmelidigni belledi.