Hytaýyň Raýatlyk ministrligi nikalaşýanlar barada täze maglumat ýaýratdy. Ýylyň 9 aýynda ýurtda jemi 4,74 million hytaýly jübüt goş birikdiripdir.Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 5,69 million bolan eken.
Bu bolsa agzalýan döwürde nikalaşanlaryň sanynyň 16,6 göterim azalandygyny görkezýär. Ýurtda 1980-nji ýyldan bäri şeýle hasabat ýöredilýär.Mundan ozal iň köp nikalaşylan ýyl 2013-nji ýyl bolupdy. Şol ýyl ýurtda 13 million jübüt goş birikdiripdir. 2022-nji ýylda bu görkeziji iki essä golaý azalyp, 6,83 milliona düşüpdir.
Häzirki maglumatlara görä, şu ýylyň ahyryna çenli nikalaşanlaryň sany ondan hem az bolar.
Ýurduň ilaty hem azalýar. 2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 1 milliard 411 million bolan bolsa, geçen ýyl 1 milliard 409 milliona düşüpdi. Şeýlelikde esaslandyrylan wagtyndan bäri “dünýäniň iň köp ilatly ýurdy” diýen adyny ýitiripdi.
Nikalaşýanlaryň sanynyň azalmagy bilen dünýä inýän bäbekleriň sany hem azalýar.Geçen ýyl 1949-njy ýyldakydan bäri iň pes çaga dogluşy hasaba alyndy. Ýurtda 1980-nji ýyllarda her maşgala bir çaga edinmäge rugsat berlipdi.
Ilatyň azalýandygy göz öňünde tutulyp, maşgalalara 2016-njy ýylda ikinji çagany edinmäge rugsat berlipdi.Soňky ýyllarda üçünji çaga hem rugsat berildi. Şeýle-de bolsa, bu çäklendirmeleriň aýrylmagy ilat sanynyň artmagyna ýetmedi.