Hytaýda magdan käninde partlama boldy

Hytaýda magdan käninde partlama boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şaanşi welaýatynda kömür gazylyp alynýan magdan käninde bolan partlamada 11 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Ýurduň Döwlet telewideniýesi CCTV tarapyndan berilen habara görä, Ýanan şäheriniň Ýançuan etrabynda ýerleşýän kömür gazylyp alynýan Şintaý atly magdan käninde partlama boldy.

Partlamanyň bolan mahaly magdan käninde işläp ýören 90 adamyň 11-i ýogaldy.

Gözleg we halas ediş toparlar tarapyndan ýeriň aşagyndan çykarylan 81 adamdan agyr ýaralanan 2-si edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi, 9 işgäriň bolsa jesetleri tapyldy.

Magdan käniniň 2020-nji ýylda işläp başlandygy we ol ýerden ýylda 300 müň tonna kömüriň çykarylýandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýada Magdan Käninde Partlama Boldy
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Russiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 2 Adam Ýogaldy
Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy
Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy