Hytaýda köp gatly binada ýangyn boldy

Hytaýda köp gatly binada ýangyn boldy

Ýurduň günorta-günbataryndaky Guansi-Çžuan awtonom raýonynda köp gatly binada ýangyn boldy.

Ýerli dolanşykdan berilen beýanata görä, binanyň aşagyndaky dükanda başlan ýangyn gysga wagtda ýokarydaky gatlara ýaýrady.

Binanyň ýokary gatlarynda bilim edarasynyň ýerleşendigi mälim edildi.

Ýangynda ilkinji eksgitlemelere görä 39 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady, waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýär.

Ýurtda geçen hepde mekdepleriň birine degişli umumy ýaşaýyş jaýynda bolan ýangynda 13 okuwçy ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Ýurtlary Liža Merkezinde Bolan Ýangyna Gynanç Bildirýär
Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady
Ganadaky ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy
ABŞ-daky tokaý ýangynynda 5 adam ýogaldy
Kaliforniýadaky Tokaý Ýangyny ABŞ-nyň Taryhyndaky İň Weýrançylykly Betbagtçylyk Bolar
Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi