Chinbrand reýting we konsalting agentligi şu ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda müşderileriň ykjam gurluşlardan kanagatlanma derejesiniň reýtingini neşir etdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Pikir soraşmanyň netijelerine görä, Apple 86,2 bal kanagatlanma derejesi bilen birinji orny eýeleýär.Huawei umumy sanawda ikinji orny eýeläp, 85,5 bal netije bilen ähli Android brendleriniň arasynda liderlik edýär. Üçünji orny 83,1 bal bilen Xiaomi eýeledi.
Ilkinji üçlükden galan ähli ykjam telefonlary öndürijiler 80 baldan az bal gazandylar: Oppo 76,1 bal, Honor 75,2, iQOO 74,2, Redmi 73,7, Vivo 67,4, Samsung 67,0.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Oppo 4 orun ýokary galdy, Vivo bilen Samsung bolsa, degişlilikde, 3 we 2 orun aşak düşdi.Hytaýda henizem gowy satylýan daşary ýurt brendlerinden diňe Apple we Samsung bar, Huawei bolsa hytaý brendleriniň arasynda iň meşhurydyr.
Geçen ýyl reýtinge Apple, Huawei, Xiaomi, Honor, Vivo, OnePlus, Samsung, Oppo we Meizu girdi.Iki ýagdaýda-da reýtingde dokuz smartfon öndürijisi bardy.