Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler

Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler

HHR-iň sertifikat berýän edaralarynyň bazasynda Hytaýyň Huawei sanlylaşdyrylan äpet kompaniýasy tarapyndan döredilen AITO brendiniň uly krossoweriniň suratlary peýda boldy. M7 wsedorožniginiň suratlaryny Autohome portaly çap etdi.

AITO M7-niň ölçegleri 5020x1945x1775mm, teker bazasynyň uzynlygy 2820 mm-e deň.Krossoweri gabarasy boýunça Audi Q7 we Hyundai Palisade bilen deňeşdirse bolar.Ikinji we üçünji hatardaky oturgyçlarda hersinde iki sany oturylýan ýerden göz öňünde tutulan.

Awtoulag, batareýa zarýad berýän generator kysmy işleýän, 1,5 litr göwrümli turbomotor bilen enjamlaşdyrylan.Tekerleri çekiji güýç Huawei firmasynyň çykarýan kuwwaty 272 at güýjüne deň bolan elektromotoryndan gelýär.

M7 krossoweri AITO brendiniň ikinji modeli boldy. Birinji model bolan M5 Hytaýda 248 müň ýuan bahadan satylýar.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi
Krossuň taryhy çempionlygy
Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk
Ýeňijiler mälim edildi
Braziliýada uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy