Hytaýda ene-ata 37 ýyla çeken gözlegden soňra ogluny tapdy

Hytaýda ene-ata 37 ýyla çeken gözlegden soňra ogluny tapdy

Hytaýda ene-atasy 37 ýyllyk gözlegden soňra öz ogullaryny tapdylar diýip, The South China Morning Post neşiri habar berdi.

Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, 1986-njy ýylda jübütleriň ogly dünýä indi, emma ertesi garry enesi çagany ene-atasynyň gaty garypdygy barada pikir bilen, keseki adamlara berdi.

Birnäçe wagtdan soňra ejesi we kakasy körpäniň gözlegine başladylar, olar diňe çaganyň Çžao familiýaly adama berlendigini bilýärdiler.

Olar otuz ýyllap ýurdy aýlanyp, çagalaryny gözlediler. Tizara Pan familiýaly bir erkek kişiniň ganynyň nusgasynyň ene-atanyň gany bilen gabat gelýändigi anyklandy. Polisiýanyň işgärleriniň kömegi bilen, Pan diýen erkek kişi dünýä inen ýeri bolan Weýnanda hakyky ene-atasy bilen duşuşdy.

Sen şunça ýyllap nädip ýaşadyň? — ejesi bilen kakasynyň oňa beren ilkinji sowaly şu boldy. Sosial ulgamdan peýdalanyjylar erkek kişiniň garry enesini ýazgaryp, Onuň eden işini aklar ýaly däl diýip ýazdylar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Ilon Mask Hytaýa bardy
Filippinli erkek kişi 70 ýaşynda lukman boldy
Hytaýda 19 sany täze hünär resmi ykrar edildi
Hytaýly lotereýa petegine öz maşgalasynyň doglan günlerini ýazyp, 24 million ýuan utdy
Ilkinji halasgär robot işe başlady