Hytaýda dünýäde ilkinji dolandyrylýan uçýan tarelkany synagdan geçirdiler

Hytaýda dünýäde ilkinji dolandyrylýan uçýan tarelkany synagdan geçirdiler

Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde ilkinji dolandyrylýan uçýan tarelka synagdan geçirildi. Doly elektrikleşdirilen uçarmanly enjamy ýerli tehnologiýa kompaniýasy döretdi diýip, MIR 24 ýazýar.

iUFO diýlip at berlen enjam Shenzhen UFO Flying Saucer Technology tehnologiýasy boýunça döredildi. Onuň alty sany howa çykaryjysy hem-de dik uçmak we gonmak üçin 12 sany perli nurbaty bar, şeýle-de ol uçarman üçin orun bilen üpjün edilendir. Wideogörnüşlerde onuň asmana galşy we sport meýdançasynyň üstünde saklanyp durandygy görünýär.

Enjam 200 metr beýiklige galyp, 15 minutlap uçmaga ukyplydyr. Enjamy dörediji He Çžunsýaonyň sözlerine görä, häzirki iki adamlyk iUFO enjamyny geljekde dört adam üçin ulaltmak isleýärler.

Ýene degişli makalalar

1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Uçýan tarelkanyň synagy
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
“Huawei” “Honor”-y satdy
29.05.2018 | Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär