Hytaýda Bütindünýä Robot konferensiýasy geçirilýär

Konferensiýanyň çäginde 600-e golaý robot tanyşdyrylýar. Ünsleri özüne çeken robotlaryň biri bolsa suratkeş robotdyr.

Suratkeş robot Saýdakian ilki bilen surata alýar, soň bolsa takmynan 5 minudyň içinde adamyň portretini çekýär.

Konferensiýanyň çäginde robot itler hem öz hünärlerini görkezdiler.

Howply wezipeleri ýerine ýetirýän robot itleri öý haýwanlarynyň ýerine ulanmagy pikir edýän adamlar hem bar.

140-dan gowrak kärhananyň gatnaşan Bütindünýä Robot konferensiýasy 22-nji awgusta çenli tehnologiýa we robotlara gyzyklanma bildirýän adamlara gapysyny açdy.

Ýene degişli makalalar

12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tennis oýnaýan robot
Robot bäsleşigi geçiriler
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Ýaponiýada boýy 4,5 metr robot bilen tanyşdyryldy