
Hytaýyň Tibet sebitinde bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 126 adama ýetdi.
Sebitde düýn bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň 515 ýer sarsgyny boldy.
Ýolbaşçylar, ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 126-a, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 188 adama ýetendigini mälim etdi.
Merkezi hökümet sebitde 5 müň 800 çadyr bilen birlikde ynsanperwer kömegini berdi.