Hytaýda bir ýarym müň metrlik belentlige uzaýan basgançak guruldy

Hytaýda bir ýarym müň metrlik belentlige uzaýan basgançak guruldy

Ýiti duýgulary halaýan adamlar üçin Hytaýda beýikligi tas bir ýarym müň metrlik basgançakdan ýöräp ýokary galmak teklip edilýär. Adaty bolmadyk ýoly batyrgaý adamlar ýörite egin-eşikde geçýärler diýip, MIR 24 ýazýar.

Asman basgançagy attraksiony Sisin dagynda guruldy. 168 metrlik uzynlykdaky desga iki gaýanyň arasynda berkidilip, 50 gradus derejede gyşaryp bilýär. Basgançagyň ýokarky we aşaky böleklerinde urgan üçin sekiz berkitme bar. Olaryň her biri sekiz tonnadan gowrak agyrlygy götermäge ukyplydyr. 278 basgançak biraz yraň atýar, belentde şuwlaýan şemal bolsa has ýiti duýgulary döredýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Baýden Netanýahu we Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri
Russiýanyň döwlet baştutany müsürli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Etna wulkany atylyp başlady
Erdogan Bilen Sisi Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi