
Hytaýyň günortasyndaky Guangdong welaýatynda ýolda barýan ýolagçy awtobusy ýandy.
Wakada awtobusdaky 6 ýolagçy ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Ýaralanan adamlar bejergi astyna alyndylar, waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.
Hytaýda soňky gezek bolsa 2019-njy ýylda ýurduň Hunan welaýatynda, ýolagçy awtobusynyň ýanmagy netijesinde 26 adam ýogalypdy, 28 adam ýaralanypdy.