Hytaýda arktika möjeginiň ilkinji klony dünýä indi

Hytaýda arktika möjeginiň ilkinji klony dünýä indi

Hytaýly biologlar dünýäde ilkinji bolup, arktika möjegini klonlaşdyrmagy başardylar. Bu barada SinoGene kompaniýasynyň başlygy tanyşdyrylyş dabarasynda habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Klon-möjek şu ýylyň 10-njy iýunynda doguldy, emma onuň bilen bagly metbugat-ýygnagy häzir geçirildi. Mümkin, kompaniýa möjek çagasynyň ýaşamaga ukyplydygyna doly göz ýetirmek isländir. Onuň dünýä inmegi üçin somatiki öýjükleriň çeşmesi hökmünde Harbiniň haýwanat bagynda saklanýan ýabany arktika möjeginiň derisini ulandylar. Surrogat ene hökmünde bigl tohumyndan bolan it peýdalanyldy.

Doglanda möjek çagasynyň 520 gram agramy bardy, ol 11-nji günde eýýäm bir kilogramdan geçdi. Golaý wagtda ýene bir möjegiň klonynyň dünýä inmegine garaşylýandygyny kompaniýa habar berdi.

Hünärmenler şeýle usul bilen ýitip ýok bolup barýan jandarlaryň sanyny dikeltmegi maksat edinýärler.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylda şowlulygyň alamatlary: ýaşyl ýylan kime üstünlik we abadançylyk getirer
Liderler Prezident Erdogany Doglan Güni Bilen Gutalaýar
Doglan günde şem üflemek däbi
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Üzüm kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Prezident Erdogan Özbek Kärdeşini Doglan Güni Bilen Gutlady