Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler

Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler

Weibo sosial ulgamynda abraýly insaýder Digital Chat Station Hytaýda smartfonlar üçin kuwwaty 240 Wt bolan çalt zarýad berijiniň dörediljekdigini aýtdy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ady agzalmadyk öndüriji 240 Wt ýa-da 24 wolt 10 amper kuwwatly zarýad berijini döretmäge girişdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, öň iQOO brendiniň 200 Wt-a çenli kuwwatly çalt zarýad berişi göterjek iQOO 10 Pro flagman gajetiniň üstünde işleýändigi belli boldy smartfon 0-dan 100%-e çenli bary-ýogy 12 minutda zarýad alar.

Ulgamyň ulanyjylary 240 Wt-ly zarýad berijiniň öndürijisiniň iQOO ýaly BBK konserniniň düzümine girýän Oppo bolup biljekdigini çaklaýarlar. 2022-nji ýylyň fewral aýynda Oppo 4500 mAs sygymly akkumulýatory bary-ýogy 9 minutda zarýadlap biljek 240 Wt kuwwatly SuperVOOC zarýad beriş tehnologiýasyny işläp düzendigini habar berdi. Şeýle-de bolsa, bu tehnologiýa diňe smartfonyň prototipinde synagdan geçirildi we kompaniýa täze nesliň çalt zarýad berijisiniň täjirçilik smartfonlarynda haçan peýda boljakdygyny habar bermedi.

Häzirki wagtda zarýad berijiniň kuwwatlylygy boýunça BBK smartfonlary, has takygy, Realme GT Neo 3 we One Plus 10R rekord eýeleridir.Bu gurluşlar 150 Wt zarýad beriji bilen zarýad alýarlar.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Ekologiýa taýdan has howpsuz smartfon öndürijileriň reýtingi
Hytaý Aý maksatnamasyna 50 ýurdy çekmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr, Belawiýa awiakompaniýasynyň ulgamynyň täzelenmegi Türkmenistanda petekleriň satylmagyna täsir etmez, Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly sergisiniň hormatly myhm