Hytaýda 127 milliondan gowrak adama suw süýşgünleri howp salýar

Hytaýda 127 milliondan gowrak adama suw süýşgünleri howp salýar

Hytaýyň günortasyndaky Guandun ülkesinde ulu derýalaryň suwunyň artmagy giň möçberli süýşgünlere getirip biler. Ol 127 million adama howp salýar diýip, The Guardian neşirine salgylanýan Interfax.ru habar berdi.

Ýurduň howa maglumaty boýunça hünärmenleri ülkede Siszýan we Beýszýan derýalarynyň suwunyň derejesiniň howply derejä golaýlaýandygyny duýdurdylar. Özem sebitde şeýle bol suwlulyk seýrek bolýar diýlip, habarda bellenýär.

Soňky günlerde ülkede yzyny üzmän çabga ýagýar. Ýerli häkimiýetlere tebigy betbagtlyga taýýarlyk görmek, gurluşyk serişdelerini, adamlary ýerleşdirmek üçin merkezleridir içimlik suwuny taýýarlamak tabşyryldy.

Habarda Guandun ülkesiniň Sinýuan diýen şäherinden 20 müň adamyň göçürilendigi, Çžaosinde elektrik energiýasy üpjünçiliginde bökdençlikleriň bardygy bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda awtobus ýandy
Günorta Hytaý Deňizinde Nebit Ätiýajy Tapyldy
7-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hytaýda köp gatly binada ýangyn boldy
Meksikada Täze Ýyla Bagyşlanyp Geçirlen Çärede Guralan Hüjümde 12 Adam Ýogaldy
Şotlandiýadaky iki panda Hytaýa dolandy