“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ukraina söweşinde Russiýa goldaw berýän Hytaýa çagyryş berdi.

Russiýa goldaw bermekden ýüz öwürmegi üçin Hytaýa çagyryş beren Stoltenberg, Pekiniň berýän goldawynyň söweşiň dowam etmeginde uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

Norwegiýada metbugata beýannama beren Stoltenberg, Hytaýyň Russiýanyň ulanýan birnäçe ýaragynyň öndürilmeginde uly rol oýnaýandygyny belledi.

Stoltenberg, “Pekiniň Ukraina söweşiniň dowam etmegine meçew bermegi onuň bähbidine we mertebesine ýaramaz täsirini ýetirer” diýip duýduryş berdi.

NATO-nyň Baş sekretary “Hytaýa, Russiýa berýän goldawyndan ýüz öwürmegi üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Sammiti Başlady
NATO-nuň Baş Sekretarlygyna Mark Rutte Saýlandy
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
Stoltenberg Ýarag Önümçiliginiň Artdyrylmagy Üçin Çagyryş Berdi
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi