Hytaýa degişli gämi Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

Hytaýa degişli gämi Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi

Hytaýyň kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gämileri Gündogar Hytaý deňizindäki jedelleşikli Senkaku arhipelagynyň töwereginde Ýaponiýanyň milli territorial suwlaryny bozandygy mälim edildi.

Okinawa welaýatynyň Naha etrabyndaky 11-nji Sebitleýin Kenarýaka howpsuzlyk ştabyndan berilen beýanata görä, Hytaýa degişli 3 kenarýaka gämisi Ýaponiýanyň suw giňişligine girdi.

Arhipelagdan Taişo we Minamikožima sebitine giren we ol ýerde Ýaponiýanyň balykçy gämilerine golaýlaşan Hytaýa degişli gämilere Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy duýduryş berdi.

Berilen duýduryşlardan we öňüni alyş çärelerinden soň Hytaýyň gämileri sebitden çykdylar.

Ady agzalan düzgün bozmanyň şol arhipelagyň töwereginde şu ýyl 21-nji gezek başdan geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi
Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi
Hatyra kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy
TÜRKMENIŇ ÝÜPEK ÝOLY GAZETINIŇ INTERNET SAÝTY OKYJYLARYŇ HYZMATYNDA
Aşgabatda Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi
Dünýä habarlary gysga setirlerde